JEMGYÝET

Türkmenabatda ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi geçirildi

 Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň we welaýat baş bilim müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Türkmenabat şäherinde welaýatyň çäginde ýerleşýän orta mekdepleriň ýaş ýangyn söndüriji toparlarynyň arasynda ýangyn amaly-sport bäsleşigi geçirildi.

  Bäsleşikde her biri bäş adamdan ybarat bolan toparlaryň deslapky ýaryşlardaky ýeňijileri iki görnüş ýangyn söndüriji enjamlary ulanmak arkaly 100 metr päsgelçilikli aralygy geçmek, şeýle hem estafeta ylgawy- ýangyn söndüriji enjamlary ýüz ugruna ulanyp, 400 metr päsgelçilikli aralyga ylgamak boýunça özara bäsleşdiler.

 Örän täsirli geçen ýaryşyň jemi boýunça Dänew etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň ýaş ýangyn söndürijiler topary birinji orna, şeýle hem Saýat etrabyndaky 31-nji hem-de Çärjew etrabyndaky 45-nji orta mekdepleriň toparlary degişlilikde ikinji we üçünji orunlara mynasyp bolmaklygy başardylar.

 Ýaryşda ýeňiji bolan topar bäsleşigiň döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaklyga hukuk gazandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: