Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
guramagynda 2024-nji ýylyň 27-nji noýabrynda «Ýaş alymlar Watanyň ýagty
geljeginiň daýanjydyr» atly onlaýn ylmy-döredijilik maslahaty geçirilýär.
Maslahata ýurduň dürli ýokary okuw mekdepleriniň ýaş alymlarynyň we talyp
ýaşlarynyň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär. Maslahat öz işini ynsanperwer, dil
we edebiýat, tebigy we takyk ylmy ugurlary boýunça alyp barar.
Bu barada institutyň resmi web saýty arkaly habar berildi.