Şu hepdäniň şenbe güni tutuş ýurdumyz boýunça bag ekişliginiň nobatdaky tapgyryna badalga berilýär. Şol gün Lebap welaýatynda hem bag ekmek, öňden bar bolanlaryna ideg etmek bilen baglanyşykly ählihalk çäreleriniň geçiriljekdigini welaýatyň baş bagbany Atamyrat Öwezow welaýat neşiriniň habarçysyna habar berdi.
Ol welaýat boýunça bag ekişligine gurluşygy tamamlanyp barýan Türkmenabat —Mary ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugrunda, töwerekleýin çatrygyň alkymynda, 10 gektar çemesi meýdanda başlangyç beriljekdigini aýtdy.
Türkmenabatda ýakynda açyljak awtobanyň gyrasyna müňlerçe düýp bag ekiler
07
Nov
