SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenabatda woleýbol ýaryşy geçirildi

Ýakynda Türkmenabat şäherindäki 10-njy sport mekdebinde 2009-njy ýylda we ondan soň doglan ýetginjekleriň arasynda woleýbol boýunça welaýat birinjiligi geçirildi. Oňa welaýatyň etraplaryndan we Türkmenabat şäherinden toparlar gatnaşdy. Ýaryşa welaýat merkezinden üç topar wekilçilik etdi.
Her bir duşuşygy çekeleşikli geçen ýaryş Türkmenabat şäherinden gatnaşan woleýbolçylaryň taýýarlykly geleniklerini subut etdi. Welaýat merkezindäki 9-njy we 10-njy sport mekdepleriniň iň güýçli woleýbolçylaryndan ybarat topar ähli bäsdeşlerini ýeňip, hormatly birinji ornuň eýesi boldular. Olar Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi A.Jangulyýew bilen welaýatyň uly tälimçisi K.Şükürowyň şägirtleridir.
Ýaryşy kabul eden sport mekdebiniň türgenlerinden ybarat topar hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Üçünji orny bolsa şu ýaryşdaky iň ýaş topar ― 2011-nji ýylda doglan woleýbolçylardan ybarat türgenler eýeledi. Welaýat merkezindäki sport mekdeplerinde tälim alýan Allanur Meredow, Alibek Gahrymanow, Salyh Meredow we Adyljan Muhiddinow ýaly woleýbolçylar has çalt kämilleşýändigi bilen beýleki deň-duşlaryna hem görelde boldular.