Türkmenabatda wideogörnüşler boýunça ýurt derejesinde bäsleşik geçirildi
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Aýnur Rozyýewa bu ýokary okuw mekdebi tarapyndan serkerde şahyr Seýitnazar Seýdiniň doglan gününiň 250 ýyllygyna bagyşlanyp yglan edilen iňlis dilinde wideogörnüşleri ýasamak bäsleşiginde birinji orny eýeledi.
Ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleri tarapyndan uly gyzyklanma eýe bolan bäsleşikde
Türkmenabatdaky ýokary okuw mekdebinden Güljennet Hydyrowa ikinji, Toýmyrat Jepbarow bolsa üçünji orny eýeledi. Ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň dördüsine höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.
Ýeri gelende aýtsak, bäsleşigiň ýeňijileriniň hatarynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk, Halkara ynasanperwer ylymlary we ösüş, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetleriniň we Türkmen döwlet binagärçilik-gurluşyk institutynyň talyplary hem bar.