Indi daşary ýurtlara syýahata gidýän Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary awiabiletleri satyn almak üçin paýtagta gitmeli bolmazlar. Türkmenabadyň halkara howa menzili resmi saýtynda ýurdumyz bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýan awiakompaniýalaryň ählisiniň awiabiletlerini welaýatyň çäginde iki nokatdan hödürleýändigini habar berdi.
Menziliň bu baradaky habar-bildirişinde: «Hormatly ýolagçylar! Türkmenabat we Kerki halkara howa menzillerindäki awiabilet kassalary size daşary ýurt awiakompaniýalarynyň ähli uçuşlary üçin awiabiletlerini satmak üçin täze hyzmatlaryny hödürleýär» diýilýär.
Habar-bildirişde-de görkezilişi ýaly, müşderiler Türkmenabat we Kerki şäherlerindäki kassalardan Türkiýäniň «Turkish Airlines», Birleşen Arap Emirlikleriniň «Emiriates», Russiýa Federasiýasynyň «S7 Airlines», Özbegistanyň «Uzbekistan airways» we, elbetde, biziň ýurdumyzyň «Turkmenistan Airlines» awiakompaniýalaryndan halkara gatnawlar üçin awiabiletleri satyn alyp bilerler.
Türkmenabatda we Kerkide halkara uçuşlaryň biletleri satylýar
20
Oct
