YKDYSADYÝET

Türkmenabatda we Döwletli etrabynda iri senagat desgalary gurulýar

Lebap welaýatynyň senagat kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynda ýylda 350 müň tonna superfosfat öndürjek döwrebap toplumyň gurluşygy dowam edýär. Şeýle hem Döwletli etrabynyň Dostluk şäherinde gury gurluşyk garyndylaryny we gipsokarton önümlerini öndürýän “Türkmengips” hojalyk jemgyýetiniň zawodynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.
Bu täze kärhanalar ýurdumyzda importyň ornunu tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmaga we täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder. Mundan başga-da, Garlyk kaliý dag-magdan toplumyny taslama kuwwatyna çykarmak boýunça işler berk gözegçilikde saklanylýar.