BILIM

Türkmenabatda usuly-amaly maslahat geçirildi

 Türkmenabat şäherindäki 46-njy çagalar bakja-bagynda welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeler bilen gezelençleri maksadalaýyk guramagyň, olaryň daş-töwerek we tebigat baradaky düşünjelerini ösdürmegiň öňdebaryjy iş usullary» atly mowzukda usuly-amaly maslahat geçirildi.

 Oňa etrapdyr şäherlerden terbiýeçi-usulyýetçiler we terbiýeçiler gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda myhmanlar çagalar bagynyň toparlarynda daş-töweregi goramak boýunça geçirilen göreldeli okuw sapaklaryna gatnaşdylar.

 Maslahatyň maksady çagalarda tebigata bolan söýgini ösdürmeklige, olara ekologiýa terbiýesini bermeklige gönükdirildi. Şeýle-de ol terbiýeçilere öňdebaryjy iş usullaryny birek-birek bilen paýlaşmakda uly ähmiýete eýe boldy.