Welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň binýadynda «Okuwçylaryň sözleýiş medeniýetini kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti» diýen mowzukda filologiýa ugurly ders mugallymlarynyň gatnaşmagynda welaýat derejesinde usuly-amaly maslahat geçirildi. Onda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmak bilen bagly öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çärede pedagogika ylymlarynyň doktory, professor J.Tursunow, ýokary derejeli mugallymlar G.Magtymowa, Ş.Kurambaýewa we R.Muhamedowa çykyş etdiler. Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar mekdebiň mugallymlary tarapyndan geçirilen göreldeli sapaklara gatnaşdylar. Edebiýat, iňlis dili hem-de rus dili dersleri boýunça görkezilen açyk sapaklaryň kärdeşler üçin nusga alarlykdygy bellenildi.
Türkmenabatda usuly-amaly maslahat geçirildi
27
Apr

