- UNCATEGORIZED

Türkmenabatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi

Türkmenabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebitleýin merkeziniň guramagynda okuw maslahaty geçirildi. «Aýly agşam» myhmanhanasynda «Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebitleýin merkeziniň öňüni alyş akademiýasy» ady bilen geçirilen çärä Özbegistan Respublikasynyň Buhara welaýatyndan hem-de Lebap welaýatyndan ýaşlar gatnaşdylar.

Bu gurama tarapyndan Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň Ýaşlary üçin serhetara okuw maslahatlarynyň ençemesini geçirmeklik göz öňünde tutulýar. Olaryň biri Lebap welaýatynda guraldy. Üç gün dowam eden okuw maslahaty «Dünýä we howpsuzlyk» diýen temada pikir alyşmalardan başlandy. Özbegistanly myhmanlar we lebaply ýaşlar dünýäde parahatçylygy saklamakda halklaryň arasyndaky dost-doganlyk, medeni gatnaşyklaryň orny barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Şonuň ýaly-da, Öňüni alyş diplomatiýasynyň akademiýasynyň taslamasyna syn berildi.

Medeniýetleriň arasynda gatnaşyklaryň endigini kemala getirmek, ýaşlaryň ondan baş çykarmak ukyplaryny ösdürmek, halklaryň arasyndaky tapawutlyklara gowy garaýyşly çemeleşmek barada hem aýdyldy. Liderçiligiň hili we endikleri hem okuw maslahatynda seredilen meseleleriň biri boldy. Dawa-jenjeller barada düşünje, onuň dörän ýagdaýynda özüni alyp barmagy modelirlemek, onda «ýeňiji — ýeňilen» diýen strategiýadan «umumy ýeňiş» strategiýasyna geçmek boýunça hem okuw geçdiler. Soňra toparlara bölünip, öwrenenlerini tejribede ulanmak boýunça ýumuşlary ýerine ýetirdiler.

Okuw maslahatynyň başynda oňa gatnaşyjylaryň arasynda ýaşlaryň sebitara we serhetara özara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen taslamalaryny taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan edilipdi. Çäräniň soňunda onuň jemi jemlenildi we iň gowy taslamalary düzen toparlara pul baýraklary gowşuryldy.

Okuw maslahatyna gatnaşanlara degişli sertifikatlar gowşuryldy.

Поделиться ссылкой: