20-nji noýabrda Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda
bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçiriler. Bu barada Hökümetiň anna gününde geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna hasabat berildi.
Konsert şu ýylyň 20-21-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Ikinji sebitara forumynyň hem-de Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisiniň çäklerinde bolar.
Şol gün teatryň sahnasynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň görnükli sungat
ussatlarynyň çykyş etmegine garaşylýar.
Türkmenabatda türkmen-özbek konserti geçiriler
17
Nov
