Türkmenabatda türkmen-özbek gepleşikleri geçiriler
21-nji noýabrda Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň
arasynda söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, syýahatçylyk pudagyny
ösdürmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler boýunça maslahatlary guramak meýilleşdirilýär.
Bu barada Hökümetiň anna gününde geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna
hasabat berildi.
Gepleşikler şu ýylyň 20-21-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat
şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Ikinji sebitara forumynyň hem-de Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisiniň çäklerinde bolar.
Sebitara forumyň we serginiň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek,
resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.