Türkmenabatda türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumynyň we
Özbegistanda öndürilýän harytlaryň sergisiniň çäklerinde Türkmenabat şäher
häkimliginde geçirilen duşuşyga iki tarapyň hem wekiliýetleriniň ýolbaşçy düzümleri gatnaşdy. Has takygy, türkmen tarapyna degişli ministrlikler, Lebapwe Daşoguz welaýatlarynyň häkimlikleri, Döwlet haryt-çig mal biržasy, Söwda- senagat edarasy, Senagatçylar we telkeçiler birleşmesi, özbek tarapyna bolsa degişli ministrlikler we pudak edaralary wekilçilik etdi.
«Tegelek stoluň» başyndaky pikir alyşmalarda iki ýurduň arasynda söwda hem-
de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem
ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda taraplar öz
mümkinçilikleri barada gürrüň berip, özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem
ösdürmäge döwtalapdygyny mälim etdiler. Iki ýurtda hem bir-biregi özüne
çekýän ykdysady aýratynlyklar barmak büküp sanardan kän. Işewür düzümleriň
arasyndaky berk hyzmatdaşlyk göz öňünde tutulýan ugurlarda bilelikdäki ösüşi
üpjün etjek esasy gural bolar.