BILIMBÖLÜMLER

Türkmenabatda TOHI-nyň «Açyk gapylar» günleri geçiriler

Türkmen oba hojalyk institutynyň (Daşoguz şäheri) talyby bolmak isleýän lebaply ýaşlar bu ýokary okuw mekdebiniň «Açyk gapylar» gününe gatnaşyp, institut barada giňişleýin maglumat alyp bilerler.

Türkmen metbugatynda çap edilen bildirişde «Açyk gapylar» günleriniň mart, aprel we maý aýlarynyň her haýsynda bir gezek geçiriljekdigi habar berildi. Has takygy, 25-nji martda, 15-nji aprelde we 13-nji maýda Lebap welaýatynyň orta mekdepleriniň gutardyş synpynyň okuwçylaryna we ýokary okuw mekdeplerine dalaşgär bolmak isleýän ýaşlara institut bilen ýakyndan tanyşmak mümkinçiligi dörediler.

«Açyk gapylar» günlerinde ýaşlara ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan işler, şeýle hem hünärler we taýýarlyk ugurlary, okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak babatda döredilen şertler barada giňişleýin maglumat berler. «Açyk gapylar» günleri Türkmenabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde sagat 09:00-da başlanýar.

Salgysy: Türkmenabat şäheriniň Zelili köçesiniň 1-nji «A» jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 800422-9-89-56; 800422-9-87-71; 800422-9-88-12.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: