JEMGYÝET

Türkmenabatda täze ulanylmaga berlen ýaşaýyş toplumynda ähli amatlyklar döredildi

Türkmenabatda täze ulanylmaga berlen ýaşaýyş toplumynda çagalar üçin döwrebap derejede enjamlaşdyrylan oýun meýdançalary, awtoduralgalar, toplumyň merkezinde her biri iki gatly we birnäçe bölümden ybarat söwda merkezidir hyzmatlar öýi hem toplumyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň ygtyýarynda.

Köp gatly jaýlaryň ählisine Hytaý Halk Respublikasynyň «Dahua» kompaniýanyň sanly jaňlar ornaşdyryldy. Bu jaýlardaky öýlere myhman bolup gelen her bir adam degişli belgini basyp, öý eýelerine özüniň gelendigini habar berip biler. Heniz jaýyň giriş gapysyndan hem girmedik myhman bilen maşgala agzalary ýokary hilli kamera arkaly ýüzbe-ýüz habarlaşyp bilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: