BILIM

Türkmenabatda täze awtotürgenleşik şäherçesi açyldy

Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň Lebap welaýat şahamçasynyň täze binalar toplumy we awtotürgenleşik meýdançasy açylyp, ulanylmaga berildi.
Welaýat merkeziniň iň gözel künjekleriniň birinde 4 gektar meýdanda ýerleşýän toplum, sözüň doly manysynda, döwrebap aýratynlyklara eýe. Onuň binalar toplumynda 300 orunlyk awtoulaglar mekdebi, adminstratiw okuw jaýy, dispetçeriň otagy, barlag-goýberiş nokady, awtoulaglar üçin bokslar,
awtoýuwalga we beýleki kömekçi binalar bar. Türkmenabat «Demirbetonkonstruuksiýa» kärhanasynyň öz işine ezber gurluşykçylary tarapyndan gurlan toplumdaky awtotürgenleşik meýdançasynda degişli maksat üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Ýeri gelende aýtsak, toplumyň binalary hem iň döwrebap tehnologiki gurluşlar bilen üpjün edilendir.
Şahamçanyň täze binasynyň açylyş dabarasyna ýaşuly nesliň wekilleri, agentligiň işgärleri we köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Ýaşulularyň ak patasy bilen işe giren şahamça hormatly Prezidentimiziň adyndan döwrebap ulaglaryň 5-si sowgat berildi. Olaryň 3-si «Toyota Carolla», biri «Toyota Hiace», ýene biri «Mitsibishi Fuso Canter» kysymly ulaglardyr.