BILIM

Türkmenabatda talyplaryň arasynda zyýanly endiklere garşy göreş wagyz edildi

Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyp ýaşlarynyň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çäre “Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2026-njy ýylyň 1—31-nji maýy aralygynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna” laýyklykda guraldy.
Wagyz-nesihat çäresine jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri hem-de institutyň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmegiň, zyýanly endiklerden daşda durmagyň, milli ahlak ýörelgelerine eýermegiň we ýaş nesliň beden hem ruhy taýdan sagdyn kemala gelmeginiň ähmiýeti barada çykyşlar edildi.
Institutyň talyplarynyň arasynda geçirilen bu wagyz-nesihat çäresi ýaşlaryň ata Watanymyza wepaly, giň gözýetimli, sagdyn bedenli, döwrebap pikirlenýän nesiller bolup ýetişmegine gönükdirilen terbiýeçilik işleriniň möhüm bölegi boldy. Şeýle çäreler talyp ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek baradaky düşünjelerini has-da berkitmäge ýardam edýär.