Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa welaýatyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalarynyň jogapkär işgärleri, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Olar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesiniň barha rowaçlanýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň edip, ýurdumyzyň abadançylygyny pugtalandyrmak, ilatyň beden hem ruhy taýdan saglygyny gazanmak, ahlak arassalygyny ündemek maksady bilen uly işleriň alnyp barylýandygyny bellediler. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanynyň 2024-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden taryhy çykyşyndan ugur alnyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, jemgyýetiň mizemezligini
pugtalandyrmakda ýaşlaryň öňünde durýan wajyp wezipeler barada hem birin-birin durlup geçildi.
Türkmenabatda talyplaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

14
Feb