Türkmenabatda suw diplomatiýasy boýunça okuw maslahaty geçirildi
Şu gün Türkmenabat şäher kitaphanasynda suw diplomatiýasyna bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Öňüni alyş maksatnamasy we Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleri tarapyndan guraldy.
Okuw maslahatynyň başynda BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan giriş sözi bilen çykyş etdi. Ol maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni onuň ähmiýetine çekip, Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilikli suw diplomatiýasynyň käbir aýratynlyklaryna ünsi çekdi. Bu aýratynlyklar we ýurdumyzyň suw diplomatiýasy boýunça ileri tutýan esasy meseleleri Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak hem-de Daşary işler ministrlikleriniň wekilleriniň eden çykyşlarynda hem öz beýanyny tapdy.
Soňra okuw maslahaty BMGÖM-niň we Bütindünýä ekologiki gaznasynyň ýolbaşçysynynyň hem-de synçylarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Taslamanyň ýolbaşçysy Gözel Atamyradowa okuw maslahatynyň maksady we wezipeleri bilen tanyşdyran bolsa, synçylar Batyr Mämmedow bilen Gurban Öwezmyradow Aral deňzini hala etmek boýunça alnyp barylýan we meýilleşdirilýän halkara taslamalary barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Gysga wagtlyk arakesmeden soňra dowam eden okuw maslahatynda Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy Saýýara Baltaýewanyň Daşoguz welaýatynyň mysalynda garyşyk maksatly ulanylýan suw çeşmeleri, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Daşoguz şahamçasynyň ýolbaşçysy Muhammet Taňrygulyýewiň gaznanyň alyp barýan işleri, BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa merkeziniň wekili Nataliýa Çemaýewanyň howanyň üýtgemegi we onuň suw çeşmelerine täsiri, täjirçilik maksatly bolmadyk «Ynanç Wepa» hojalyk jemgyýetiniň wekili Güljemal Nurmuhammedowanyň suw diplomatiýasy we gender meselelerine bagyşlanan çykyşlary diňlenildi.
Okuw maslahatyna ýokarda görkezilen halkara guramalardyr ministrlikleriň, bilim ojaklarynyň, hususy taraplaryň wekillerinden başga-da, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetinden, «Lebapsuwhojalyk», «Darganatasuwhojalyk», «Dänewsuwhojalyk» önümçilik birleşiklerinden, Lebap we Daşoguz welaýat, Dänew, Darganata, Ruhubelent we Saparmyrat Türkmenbaşy etrap häkimliklerinden, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden (onlaýn), Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan (onlaýn), Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyndan, «Amyderýa» howdan görnüşli suw hojalyk guramasynyň «Ortaderýa» bölüminden wekiller gatnaşdylar.