MEDENIÝET

Türkmenabatda suratkeşleriň bir hepdelik duşuşygy geçirilýär

15-nji awgustda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Lebap welaýat şahamçasynyň Sergiler zalynda suratkeşleriň döredijilik duşuşygy öz işine başlady.

Türkmenabat şäherinde ikinji gezek geçirilýän suratkeşleriň döredijilik maslahatyna ýurdumyzyň Aşgabat şäherinden, Ahal, Lebap, Mary welaýatlaryndan nakgaşçy we grafika suratkeşleriň 15-e golaýy gatnaşýar.

Ýedi günläp dowam edýän döredijilik duşuşygynyň dowamynda suratkeşler portret we natýurmort žanrlarynda ýerine ýetiriljek dört sany nakgaş eserlerini çekerler.

Suratkeşleriň natýurmort eserlerinde türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, türkmen topragynda ýetişen bereketli, bol hasylly dürli ir-iýmişleriň we naz-nygmatdan doly türkmen saçagy, peýzaž žanrlarynda tebigatyň owadan ýerleri şekillendiriler.

Portret äheňinde ýerine ýetiriljek nakgaş eserlerde bolsa adamlaryň ýüz keşpleri, milli egin-eşikleri, olaryň içki dünýäsi, garaýyşlary, şatlykly we begençli ýagdaýlary suratlandyrylar.

Suratkeşleriň döreden eserleri 2023-nji ýylyň 21-nji awgustynda sergilener. Sergi şol gün sagat 08:30-da başlaýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: