MEDENIÝET

Türkmenabatda suratkeş Şerif Hemraýewiň we şägirtleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň welaýat şahamçasynda «Halypa we şägirt» atly nakgaşçylyk eserleriniň sergisi geçirildi. Türkmenabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlarydyr we okuwçylarynyň guramagynda geçirilen sergä welaýatymyzyň görnükli medeniýet, sungat ussatlary, döredijilik işgärleri gatnaşdylar.
Bu sergide döwrümiziň ussat waspçysy, Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň agzasy, zehinli suratkeş Şerif Hemraýewiň we onuň zehinli şägirtleriniň döreden eserleri görkezildi. Sergide halypa suratkeşiň türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny, gözel ülkämiziň owadan tebigatyny wasp edýän eserleriniň birnäçesini synlamak bolýar. Onuň döreden sungat eserlerinde Watan söýgüsi aýdyň duýulýar. Türkmen bedewleri bolsa suratkeşiň esasy ylham çeşmesi. «Asman atlary», «Aýrylmaz dostlar», «Behişt guşy» atly eserlerde türkmen bedewleriniň ýyndamlygy, owadanlygy inçeden wasp edilýär.
Şeýle özboluşly aýratynlygy suratkeşiň şägirtleriniň eserlerinde hem görüp bolýar. Roza Muhammedowa, Jemal Söýünýazowa, Aýlar Nowruzowa dagynyň halypasynyň görüm-göreldesi, pent-nesihaty bilen barha kämilleşýändigini sergide ýerleşdirilen eserleriň üsti bilen aýdyň görmek bolýar. Olaryň çeperçilik işleri halypalaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.