MEDENIÝET

Türkmenabatda Şükür bagşy filmi görkezildi

Türkmenabat şäher medeniýet öýünde režissýor Bulat Mansurowyň «Şükür bagşy» kinofilmi
görkezildi. Welaýat häkimliginiň we welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagyndaky bu çärä sungat muşdaklary, talyplar gatnaşdylar.
Çäräniň baş maksady bu kinofilmi görkezmek bilen, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şygarynyň many-mazmunyny açyp görkezmeklige, dost-doganlygy, agzybirligi wagyz etmeklige gönükdirildi. Mälim bolşy ýaly, «Şükür bagşy» kinofilminde baş gahryman Şüküriň çalan ajaýyp sazy halklaryň arasynda asudalygyň, parahatçylygyň sazy bolup ýaňlanýar.
Munuň özi Şükür bagşynyň keşbi arkaly ylalaşyga, asuda ýaşaýşa bolan islegiň, söýginiň milletimiziň ganyna siňendigini görkezýär.