Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “STEM bilimi: mekdebe çenli çagalar edaralaryndan ýokary okuw mekdebine çenli” atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Bilim ministri tarapyndan tassyklanan “Inžener ugurly ýokary okuw mekdeplerine okatmagyň STEM usulyýetini tapgyrlaýyn ornaşdyrmagyň 2025-nji ýyl üçin Ýol kartasynda” bellenilen çäreleriň ýerine ýetirilişi bilen baglylykda guraldy.
Maslahata institutyň professor-mugallymlary we talyplary, umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlary hem-de çagalar baglarynyň terbiýeçileri gatnaşdylar. Olar çykyşlarynda STEM usulyýeti boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdiler.
Çykyşlaryň dowamynda bilim ulgamyna STEM usulyýetini ornaşdyrmagyň möhüm meseleleri, ýerine ýetirilmeli wezipeler, şeýle hem bu usulyýetiň artykmaçlyklary we mümkinçilikleri giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenabatda STEM bilim usulyýeti bilen bagly maslahat geçirildi
03
Oct

