Türkmenabatda Seýitnazar Seýdiniň doglan gününiň 250 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirilýär
Serkerde şahyr Seýitnazar Seýdiniň doglan gününiň 250 ýyllygy mynasybetli welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan işlenilip düzülen meýilnama laýyklykda şu günler welaýatymyzyň orta mekdeplerinde degişli işler alnyp barylýar. Bu işlere Türkmenabat şäherindäki bilim ojaklary hem işjeň gatnaşýarlar.
Meýilnama laýyklykda şu günler şäherimizdäki orta mekdepleriň 7 ― 12-nji synp okuwçylary serkerde şahyra bagyşlanan mowzuklarda ýazan düzmelerini, şahyryň türkmen tebigatyny wasp edýän şygyrlarynyň esasynda döreden çeper eserlerini ýörite yglan edilen bäsleşige hödürleýärler. Bäsleşigiň şäher tapgyrynda öňe saýlanan işler onuň welaýat tapgyryna hödürleniler.
Şol bir wagtyň özünde welaýat merkezindäki orta mekdeplerde şahyra bagyşlanan edebiýat agşamlary yzygiderli geçirilýär. Olara şäherdäki beýleki mekdepleriň türkmen dili we edebiýat mugallymlary hem-de zehinli okuwçylary gatnaşýarlar. Bu bäsleşikler özara pikir alyşmalaryň meýdançasyna öwrülýär.