Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda serkerde şahyryň doglan gününiň 250 ýyllygy mynasybetli «Seýitnazar Seýdiniň döredijiliginde döwrüň taryhy wakalarynyň çeper beýany» ady bilen sanly ulgam arkaly okuw-usuly maslahat geçirildi.
Oňa ýurduň ýokary we orta okuw mekdepleriniň mugallymlary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar. Okuw-usuly maslahatyň açylyş dabarasynda türkmen edebiýatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran nusgawy şahyr Seýitnazar Seýdiniň serkerde-şahyrlyk ýoly, XVIII asyryň taryhyny öwrenmekde şahyryň döredijiliginiň ähmiýeti barada çuňňur mazmunly çykyşlar diňlenildi.
Umumy mejlisden soňra okuw-usuly maslahat bölümleriň 4-si boýunça aýratynlykda dowam etdirildi. Şahyryň edebi mirasyny öwrenmeklige, ony ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmeklige bagyşlanan maslahatda çykyşlaryň 140-a golaýynyň diňlenilmegi, olarda nusgawy şahyryň döredijiligi bilen baglanyşykly taryhy wakalaryň seljerilmegi, serkerde şahyryň watançylyk, gahrymançylyk, merdanalyk baradaky goşgulary bilen birlikde yşky-liriki şygyrlarynyň çuňňur mazmunynyň çözlenilmegi onuň aýratyn uly ähmiýete eýe bolandygyny subut edýär.
Türkmenabatda Seýitnazar Seýdä bagyşlanan maslahat geçirildi

10
May