YKDYSADYÝET

Türkmenabatda senagatyň 20-den gowrak ugrunda ulanylýan önümçilik alnyp barylýar

Glisirrizin turşusy senagatyň 20-den gowrak ugrunda, esasan derman we azyk senagatynda giňden ulanylýar. Süýjüligi şekerden 40 esse ýokary bolan bu önümiň öndürilmegi üçin Italiýanyň kämil enjamlary ulanylýar. Kärhanada 2 müň 500 tonna buýan köküni we 200 tonna taýýar önümi saklamaga mümkinçilik berýän giň ammarlar bar. Şeýle-de kükürt turşusyny we ammiak
suwuny saklamak üçin aýratyn desgalar gurlupdyr.
Döwrebap barlaghana şertlerinde çig malyň we taýýar önümleriň hilini çalt hem-de takyk barlamaga mümkinçilik döredilen. Bu ýerde ençeme ussat hünärmenler zähmet çekýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda kärhanada 28 tonna gymmatly önüm öndürildi. Geljekde önümçilik kuwwatynyň artdyrylmagy bilen bu görkezijiniň has-da ýokarlanmagyna garaşylýar.