Türkmenabadyň pagta egriji fabriginiň mejlisler zalynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyna bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Merkezi saýlaw toparynyň guramagynda geçirilen çärä etrap, şäher häkimlikleriniň jogapkär wekilleri hem-de saýlaw toparlarynyň başlyklary gatnaşdylar.
Okuw maslahatynda saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň tertipleri barada maglumat berildi. Çykyş edenler saýlaw ulgamynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Saýlaw kodeksine laýyklykda, aýanlyk we demokratik ýörelgeler esasynda kämilleşdirilýändigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan guramaçylyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekdiler.
Türkmenabatda saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy boýunça okuw maslahaty geçirildi
27
Dec
