Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde şaşka boýunça 10 ýaşa çenli
oglan-gyzlaryň arasynda welaýatyň birinjiligi geçirildi. 64 we 100 öýjükli şaşka
boýunça guralan ýaryşa Türkmenabat şäherinden we Dänew, Köýtendag, Darganata etraplaryndan zehinli türgenler gatnaşdylar.
Ýaryşyň ýeňijileri barada aýdylanda, türkmenabatly ýaş zehin Rahman Karýagdyýewiň adyny ilkinjileriň hatarynda agzamak gerek. Ol şaşkanyň iki görnüşinde hem oglanlaryň arasynda birinji orny eýeledi. Ýeri gelende aýtsak,
oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda öňdäki orunlaryň ählisini türkmenabatly
türgenler eýelediler. 64 öýjükli şaşka boýunça geçirilen ýaryşda ikinji we üçünji
orunlary Mahym Metiýewanyň şägirtleri Alyşer Ýalkabow bilen Dawut Rozykulyýew eýelän bolsa, 100 öýjükli şaşkada bu orunlara Azimjan Gurbanow bilen Agageldi Şirliýew mynasyp boldy.
Gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda bolsa Dänew we Darganata etraplaryndan gelen ýaş zehinler hem öňdäki orunlara düşmegi başardylar. 64 öýjükli şaşka boýunça geçirilen ýaryşda dänewli tälimçi Narkuly Baltaýewiň şägirdi Selbi Zafarowa hormat münberiniň birinji basgançagyna çykdy. Ikinji, üçünji orunlary bolsa türkmenabatly türgenler Aýjeren Tagandurdyýewa bilen Aziza Gurbanowa eýelediler. Gyzlaryň arasynda 100 öýjükli şaşka boýunça geçirilen ýaryşda dänewli Albina Islamowa, welaýat merkezinden Oguljan Azatgeldiýewa hem-de Darganata etrabynyň Gazojak şäherinden Şadyýana Allamyradowa dagy öňdäki üç orny eýelediler.
Türkmenabatda şaşka boýunça welaýat birinjiligi geçirildi

17
Jan