Türkmenabat şäherindäki Beýik Watançylyk urşy muzeýinde muzeýiň işgärleriniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli “Garaşsyzlyk bilen galkynan Diýar” atly dabara geçirildi.
Bu çäre il sylagly ýaşulular, eneler, welaýatyň tanymal medeniýet we sungat işgärleri hem-de ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Täsirli geçen dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde ýurduň baş baýramy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan sergä, şeýle hem Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda ildeşleriniň görkezen gahrymançylygy baradaky muzeý gymmatlyklaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler.

