BILIM

Türkmenabatda şahyr Gurbannazar Ezizowa bagyşlanan çäre geçirildi

Lebap welaýat kitaphanasynyň guramagynda Türkmenabat şäherindäki 15-nji orta mekdepde şahyr Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli edebiýat agşamy geçirildi.
«Kämilligiň we sadalygyň aýdymçysy» diýen at bilen geçirilen edebiýat agşamyna şäheriň bilim işgärleri, kitaphanaçylar, mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Agşamda welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylary Şemşat Kurbanowa, Gülendam Taşowa dagy meşhur şahyryň ömür we döredijilik ýoly dogrusynda çykyş etdiler. Zehinli şahyryň türkmen tebigatyny, güýz paslyny, milli mukaddesliklerimizi belentden wasp eden goşgularynyň many-mazmuny barada giňişleýin pikir alşyldy. Soňra okuwçy ýaşlar Gurbannazar Ezizowyň şygyrlaryndan bentleri labyzly okap berdiler.
Şol gün bu bilim ojagynda «Baky juwan şahyr» atly kitap sergisi guraldy.