MEDENIÝET

Türkmenabatda şahyr A.Soltanowyň 70 ýaş ýubileýi bellenildi

Welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, halypa şahyr Agamyrat Soltanowyň 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli «Kalplara ýol salan ussat» ady bilen duşuşyk geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet we sungat, şol sanda kitaphana işgärleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda şahyr Agamyrat Soltanow çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda alnyp barylýan taryhy işler, medeniýet we sungat ulgamyna, döredijilik dünýäsine goýulýan belent sarpa barada belläp geçdi, şeýle hem täze goşgularyny okap berdi. Täsirli geçen çäräniň dowamynda edilen çykyşlarda şahyryň ýurdumyzyň okgunly ösüşlerini, ýetilýän belent sepgitleri wasp edýän goşgulary, şeýle hem yşky-liriki eserleri, okyjylaryň gyzgyn söýgüsini
gazanan kitaplary barada durlup geçildi. Duşuşykda şahyryň goşgularyna döredilen aýdymlar ýerine ýetirildi.