Türkmenabat şäherindäki Demirýol menzilinde resmi edarasy ýerleşýän «DN TOURS» kompaniýasy Russiýanyň «S7 Airlines» awiakompaniýasynyň awiapetekleriň satuwy boýunça Türkmenistandaky agenti bolup durýar.
Aşgabat bilen Moskwa şäherleriniň arasyndaky uçuşlaryň sanynyň artmagy sebäpli, kompaniýa awiakompaniýanyň gatnawlary üçin awiapetekleri satyn almagy teklip edýär. Awiakompaniýanyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň berýän maglumatyna görä, 2025-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndan başlap, duşenbe we penşenbe günlernde goşmaça iki howa gatnawy amala aşyrylar we 15-nji ýanwardan başlap howa gatnawy her günde ýola goýlar.
Kompaniýanyň Türkmenabat şäherindäki şahamçasynyň telefon belgisi: (+993 65) 58 08 72.
Türkmenabatda şahamçasy bolan kompaniýa Aşgabat ― Moskwa uçuşlary boýunça petek satýar

10
Jan