TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenabatda Russiýanyň S7 awiakompaniýasynyň biletleri satylyp başlanýar

Russiýa Federasiýasynyň S7 awiakompaniýasynyň müşderileri indi petekleri Türkmenabat şäherinde hem satyn alyp bilerler. Bu barada türkmenabat halkara howa menziliniň resmi saýty habar berdi.
Çeşmede: «Türkmenabat halkara howa menziliniň awiakassalarynda Russiýa Federasiýasynyň S7 awiakompaniýasynyň howa gatnawlarynyň awiabiletleriniň satyljakdygyny siziň dykgatyňyza ýetirýäris» diýlip ýazylýar.
Bu habar baradaky goşmaça maglumatlary howa menziliniň sorag-jogap gullugyndan alyp bolar.