Türkmenabatdaky «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynda welaýat onkologiýa hassahanasynyň guramagynda prostata mäziniň howply täze döremelerine garşy göreşiň biraýlygynyň çäginde howply täze döremeleriň öňüni almak, olary ir ýüze çykarmak, netijeli bejergisini üpjün etmek maksady
bilen «Saglygymyzy goralyň!» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, sürüjiler, Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň lukmanlary gatnaşdylar.
Maslahatda lukmanlaryň täsirli çykyşlary üns bilen diňlenildi. Olarda prostata mäziniň howply täze döremelerini anyklamak, bejermek we saglygy dikeltmek barada hem-de bu mäziň sowuklamasyndan goranmak babatynda giňden durlup geçildi.
Lukmanlar çykyşlarynda keseliň alamatlary duýlanda, öz wagtynda urolog- androlog lukmana ýüz tutmagy we irki döwürde degişli bejergileri almagy maslahat berdiler. Keseli irki möhletde anyklamak maksady bilen, ýaşy 50-den geçen erkek kişilerde degişli barlaglary geçirmek maksada laýykdyr. Şeýle maslahatlar şu günler etrapdyr şäherlerde hem yzygiderli geçirilýär.
Türkmenabatda prostata mäziniň howply täze döremesi bagly maslahat geçirildi
25
Aug
