BILIM

Türkmenabatda pars dili boýunça webinar sapagy geçirildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň gurnamagynda pars dili dersi boýunça webinar sapagy geçirildi.
Sapaga ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan pars diline ýöriteleşdirilen  umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlary we VII synp okuwçylary hem-de institutyň Pars dili we edebiýaty hünäriniň tejribeçi talyplary gatnaşdylar. Webinar sapak «Pasyllar we aýlaryň atlary» diýen temada geçirilip, onda tema degişli prezentasiýalar, wideo rolikler görkezildi.
Sapakda peýdalanylan okatmagyň döwrebap usullary okuwçylaryň bu derse bolan gyzyklanmasyny artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.