BILIM

Türkmenabatda “Parahatçylyk: çagalaryň sesi” bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepde «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşik ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4–12-nji synp okuwçylaryny öz içine alyp, düzme ýazmak, maket taýýarlamak we surat çekmek ýaly ugurlar boýunça guraldy. Jemi 90-a golaý döredijilik işi hödürlenip, olarda Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, parahat ýaşamak we dostluk ýaly gymmatlyklar beýan edildi.
Her ugur boýunça iň gowy eserler saýlanylyp, ýeňijiler yglan edildi. Birinji we ikinji orunlara mynasyp bolan okuwçylar ýurdumyzyň derejedäki döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk aldylar. Ýeňijilere welaýat geňeşiniň hormat hatlary we sowgatlary gowşuryldy.