JEMGYÝET

Türkmenabatda öýkeniň howply täze döremelerine garşy göreş biraýlygynyň çäklerindäki maslahat geçirildi

Türkmenabat şäher medeniýet öýünde welaýat onkologiýa hassahanasynyň hem-de welaýat baş bilim müdirliginiň bilelikde guramaklarynda «Öýkeniň howply täze döremelerine garşy göreş» atly biraýlygyň çäklerinde «Howply keselden goranalyň!» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmanlary, bilim ulgamynyň wekilleri hem-de Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň lukmanlary gatnaşdylar.

Öýkeniň täze howply döremeleriniň wagtynda öňüni almak maksady bilen geçirilen maslahatda lukmanlar bu keseliň hazirkizaman anyklaýyş we bejeriş usullary, şeýle-de onuň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýurtda ynsan saglygyny goramak, zyýanly endiklere garşy göreşmek boýunça çäreler giň gerimde alnyp barylýar. Munuň üçin kanunçylyk namalary kabul edildi.

Neşekeşlik we çilimkeşlik adam bedenine özüniň heläkleýji täsirini ýetirýär. Çilim aşgazanyň, gyzylödegiň we öýkeniň howply täze döremeleriniň ýüze çykmagyna getirýär. Her ýylyň maý aýynda bolsa bu howply kesellere, ýagny, «Öýkeniň howply täze döremelerine garşy göreşiň biraýlygy» geçirilýär. Onuň çäginde maksatlaýyn işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Çärede çykyş edenler howply kesellere garşy bilelikde göreşmegiň uly ähmiýete eýedigini aýratyn bellediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: