JEMGYÝET

Türkmenabatda «Onlaýn taksi» hyzmaty ýola goýuldy

Awtomobil ulag hyzmaty açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginde taksi sargyt etmegiň täze onlaýn hyzmaty işe girizildi. «Onlaýn taksi» goşundysy müşderi üçin oňaýly bolan taksi sargyt etmek üçin niýetlenendir. Bu ykjam goşundynyň gurluşy sada we düşnükli. Ulanyjy programmadan onlaýn görnüşde dessine ulag sargyt edip biler. «Onlaýn taksi» goşundysy Android we IOS operasion ulgamyna tölegsiz
ýükläp almak üçin elýeterdir. Goşundyny smartfonyňyzda işe girizeniňizden soň, programma GPS ulgamy arkaly siziň ýerleşýän ýeriňizi anyklaýar, şonuň esasynda bolsa sürüjä müşderiniň ýerleşýän ýeri barada habar barýar. Sargyt edeniňizde barmaly ýeriňiziň takyk salgysyny girizmeli. Sargyt edilen awtoulag gelen mahaly müşderiniň smartfonyna sesli duýduryş gelip, taksiniň gelendigini habar berýär. Barmaly salgyňyza ýeteniňizde bolsa smartfonyňyza gatnawyň
tölegini görkezýän SMS habary gelýär. Mundan başga hem ykjam goşundyda gatnawlaryňyzyň taryhyny görüp bilersiňiz. Goşundynyň goşmaça aýratynlygy hökmünde bolsa «Halaýan ýerlerim» hyzmatynyň girizilendigini görkezmek bolar. Onuň kömegi bilen iň köp barýan ýeriňiziň salgysyny girizip bilersiňiz. Şeýle hem taksini 0655 gysga belgi arkaly sargyt edip bolýar.
Ýeri gelende bellesek, “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň taksi awtoulaglary çalyşyklaýyn esasda gije-gündiziň dowamynda hereket edýär.