Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepde «El hünäri il gezer» atly sergi ýaýbaňlandyryldy.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Türkmenabat şäher bölümi tarapyndan guralan bu sergä mekdep okuwçylary we kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Sergide okuwçy gyzlar öz başarnyklaryny el işlerinde görkezdiler. Olar haly dokadylar, alaja ördüler, ýüň daradylar.
Şeýle-de mekdebiň gurnak otaglarynda hem gurnak ýolbaşçylary bilen okuwçy gyzlaryň arasynda köýnek biçip, tikmek ýaly birnäçe işler dowam etdirildi.