JEMGYÝET

Türkmenabatda okuw-görkezme esbaplarynyň sergisi guraldy

Lebap welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda Türkmenabat şäherindäki 40-njy çagalar bakja-bagynyň binýadynda okuw-görkezme esbaplarynyň sergisi guraldy.

Oňa öňdebaryjy bilim işgärleri öz taýýarlan işlerini hödürlediler. Sergide has tapawutlanan bilim işgärleri welaýat baş bilim müdirliginiň Hormat haty bilen sylaglanyldy.

Şeýle sergiler şu aýyň dowamynda welaýatymyzyň beýleki etrapdyr şäherlerinde-de guralar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: