Türkmenabatda «Oguz hanyň nesilleri» olimpiadasynyň welaýat tapgyry geçiriler
8-nji aprelde Türkmenabat şäherindäki 3-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “Oguz hanyň nesilleri” atly III integrirlenen olimpiadasynyň welaýat tapgyry geçiriler. Oňa deslapky tapgyrda ýeňiji bolan mekdep okuwçylarynyň 339-sy gatnaşýar.
Uniwersitetiň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, bäsleşigiň Lebap welaýaty boýunça I tapgyryna
zehinli mekdep okuwçylarynyň 2341-si gatnaşdy. Şolardan 29,5 baldan köp alan 339 okuwçy bäsleşigiň welaýat tapgyrynda güýç synanyşar. Olimpiadanyň final tapgyry iýun ýa-da iýul aýynda uniwersitetiň özünde geçiriler.