«Lebapobahyzmat» önümçilik birleşigine degişli Türkmenabat abatlaýyş zawodynda agrosenagat toplumyna degişli tehnikalar üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň ýüzlerçe görnüşi ýasalýar. Kärhanada plastikden, ýagny polipropilenden, şeýle hem alýuminiý we çoýun metallaryndan
eredip guýmak arkaly ýasalýan ätiýaçlyk şaýlary hiliniň ýokarylygy, durnuklylygy we önümiň özüne düşýän gymmatynyň pesligi bilen tapawutlanýar.
Bu ýerde işleriň talaba laýyk guralandygyny hem bellemek bolar. Oňa kärhananyň önüm öndürmek boýunça şu ýylyň 6 aýlyk meýilnamasynyň 118 göterim amal edilmegi-de şaýatlyk edýär. Bu görkeziji ösüş depgininiň geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende 113,5 göterime barabar bolandygyny aňladýar.
Türkmenabatda oba hojalyk tehnikalarynyň ätiýaçlyk şaýlarynyň ýüzlerçe görnüşi öndürilýär
09
Jul

