Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde «Daşary ýurt dili sapaklarynyň üsti bilen okuwçylarda milli gymmatlyklarymyza sarpa goýmaklygy terbiýelemegiň ýollary» diýen mowzukda usuly-amaly maslahat geçirildi. Maslahata welaýat baş bilim müdirliginiň hünärmenleri, Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň nemes dili mugallymlary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda myhmanlar mekdepde guralan sergi bilen tanyşdylar. Soňra olar 10-njy, 11-nji we 12-nji synplarda geçirilen göreldeli okuw sapaklaryna gatnaşdylar. Bu sapaklarda mekdebiň tejribeli nemes dili mugallymlary Maral Orunowa bilen Güneş Baýramowa dürli mowzuklar boýunça nemes dilinde sapak geçip, daşary ýurt dilini öwretmegiň netijeli usullaryny görkezdiler.
Göreldeli sapaklaryň dowamynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda bir aýlyk okuwda bolup gelen 12-nji synp okuwçylary Begenç Alijanow bilen Orazmuhammet Jeýhunowyň çykyşlary hem diňlenildi. Usuly-amaly maslahat daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmak, okuwçylaryň dil başarnyklaryny ösdürmek we milli gymmatlyklara sarpany terbiýelemek babatda tejribe alyşmak üçin ähmiýetli boldy.
Türkmenabatda nemes dilini öwretmek kämilleşdirilýär
07
May

