SUNGAT ADAMLARY

Türkmenabatda N.Halmämedowyň eserleriniň konserti geçirildi

Meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli “Mukama siňen ömür” atly festiwalyň çäklerinde Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda welaýat ýörite sungat mekdebiniň hem-de welaýatyň  çagalar sungat mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň bilelikdäki konserti boldy.

Türkmen saz sungatynda öçmejek baky yz galdyran meşhur kompozitor Arkadagly Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 85 ýyllygy dolýar. Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragynyň eýesi türkmen milli sazyny iňňän kämil derejede dünýä mälim etmekde uly orun eýelän türkmen kompozitorydyr. Onuň “Türkmenistan” atly dünýä belli  simfoniki eseri  hem bu aýdylanlara doly şaýatlyk edýär.

Kompozitoryň ömri gysga bolsa-da onuň döreden ajaýyp sazlary ölmez ýitmezdir. Meşhur kompozitory ýatlap geçirilen konsertde hem onuň döredijiligindäki saz janrynyň dürli görnüşleri ýerine ýetirildi. Konsertde  “Japbaklar”, “Türkmenistanym” “Prelýudiýa”,  “Iki agaç”, “Haýrana galar”, “Keçpelek”,  “Poema” “Oýlanma”ýaly birnäçe kompozitoryň döredijiligine degişli aýdymdyr sazlar  ussatlyk bilen ýerine ýetirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: