Türkmenabatda mugt ýoga sapaklary geçirildi
Şu gün ― 12-nji iýunda Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebinde ýoga sapaklary başlady. Şeýle çäre Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan 14-nji iýunda Baýramaly şypahanasynda, 21-nji iýunda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde hem geçiriler.
Ýoga sapaklary — tölegsiz. Isleg bildirýänleriň ählisi we ýoganyň muşdaklary sapaga goşulyp bilerler.
Gatnaşýanlaryň hemmesine öz ýoga düşekçelerini (halyçalaryny) getirmek we ýoganyň laýyk geýinmek maslahat berilýär.
Halkara ýoga güni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýär. Ýeri gelende bellesek, BMG-niň Baş Assambleýasy bu baýramçylygy bellemek baradaky kararnamany 2014-nji ýylyň 11-nji dekabrynda kabul etdi.