BILIM

Türkmenabatda mugallymlar üçin usuly-amaly maslahat geçirildi

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 32-nji orta mekdepde welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda tebigy we takyk ugurly dersleriň mugallymlarynyň gatnaşmagynda bir günlük usuly-amaly maslahat geçirildi. «Umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy ― kämilligiň berk binýady» atly maslahatda mugallymlar döwrebap okatmagyň usullary boýunça öz tejribelerini paýlaşdylar.
Maslahatyň dowamynda mekdebiň mugallymlary tarapyndan geçirilen göreldeli sapaklara gatnaşmak guraldy. Şeýle hem kärdeşleriň arasynda tejribe alyş-çalyşygy alnyp baryldy. Gatnaşyjylar şeýle maslahatlaryň bilim ulgamynda hünär derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.