MEDENIÝET

Türkmenabatda mowzuk agşamy geçirildi

Welaýat kitaphanasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Bahar-ýaz — zeminiň görki, zenanlar — dünýäniň durky» atly mowzuk agşamy geçirildi. Çäre welaýat kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti tarapyndan bilelikde guraldy. Oňa kümüş saçly eneler, işjeň partiýa agzalary we kitaphana işgärleri gatnaşdylar.
Mowzuk agşamynyň dowamynda ýurdumyzda enelere we gelin-gyzlara goýulýan sarpa, şeýle hem türkmen taryhynda yz galdyran zenanlaryň gahrymançylyklary barada söhbet edildi. Şeýle-de kitaphana işgärleri tarapyndan «Zenan — bagtyýar, Watan — owadan» atly sergi guraldy.