Türkmenabatda milli mirasa bagyşlanan söhbetdeşlik geçirildi
Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynaьbagyşlanan «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik hem-de «Milli mirasymyz ― genji hazynamyz» atly maslahat geçirildi.
«Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikde bellenilişi ýaly, ata Watanymyz Türkmenistan bu günki gün döwletleriň, sebitleriň, yklymlaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk köprülerini gurýan parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasaty öňe sürýär. Halklaryň arasynda dostlukly, adalatly, deňhukukly gatnaşyklary ýola goýmakdan ybarat ösüşleriň özboluşly ýolundan barýar. Bu işler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has giň gerim bilen alnyp barylýar. Söhbetdeşlikde bu işlere goşant goşmakda muzeý işgärleriniň öňünde durýan wezipeler barada pikir alşyldy.
Bu pikirler «Milli mirasymyz ― genji hazynamyz» atly maslahatda has giň gerimde ösdürildi. Muzeýiň ylmy işgärleri milli gymmatlyklarymyzy ylmy esasda öwrenmek, olar barada ylmy maglumatlary ýygnamak barada toplanan tejribäni mundan beýläk hem artdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşlige, maslahata gatnaşyjylar muzeýde döredilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ― berkararlygyň goşa ganaty» atly wagtlaýyn sergä hem syn etdiler.