TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenabatda Milli bahar baýramyna bagyşlanan sergi açyldy

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Gelse Nowruz äleme…» atly wagtlaýyn sergi açyldy. Adyndan hem belli bolşy ýaly, ol Milli bahar baýramyna bagyşlandy. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.
Şu gezek, aslynda, wagtlaýyn sergileriň ikisi birbada ýaýbaňlandyryldy. Muzeý we Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebi tarapyndan guralan sergiler bitewi kompozisiýany emele getirip, muzeýiň sergi zallaryna baharyň we Nowruzyň ýakymyny çaýypdyr.
Sergini guraýjylar muzeýiň ýüzlerçe gymmatlygynyň arasyndan baharyň we Nowruzyň dünýäsine laýyk gelýänlerini saýlap alyp, sergide ýerleşdiripdirler. Sergi eýýäm giriş bölümindäki güllän erik agajy bilen ünsüňi tebigatyň goýnuna alyp gidýär. Soňky bölümlerde bolsa, pederlerimizden miras galan Nowruz däpleri we olarda ulanylan enjamlar birme-bir ünsüňi özüne çekýär.
Çeperçilik sungatynyň kämil eserleri — bu muzeýde guralýan sergileriň ählisiniň aýrylmaz gözelligi. Bu gözellik şu gezekki sergide hem örboýuna galýar. Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary Şerif Hemraýewiň, Ahmet Rozyýewiň, Aýlar Hudaýberdiýewanyň, Kamil Halikowyň, Anwar Aliýewiň nakgaşlyk, Gülnar Rüstemowanyň grafika eserleriniň hiç biriniň deňinden hem biparh geçmek mümkin däl. Sergi bölüminiň diwarlarynda janlanan tebigatyň ajaýyp görnüşleri, milli däplerimiz, milli lybasly gelin-gyzlar, toý döwreleri we beýlekiler suratlaryň ajaýyp dünýäsine siňip, asyrlara seýrana alyp gidýär. Olaryň kärdeşi Leýla Berdiýewanyň keramika işleri hem gözelligi bilen nazaryňy özünde egleýär. Körpe suratkeşleriň eserlerini synlanyňda bolsa ýurdumyzda çeperçilik sungatynyň täze, mynasyp nesilleriniň ýetişip gelýändigine bolan buýsanjyň artýar. Sergidäki çeperçilik eserleridir muzeý gymmatlyklaryny bahar, Nowruz ýaly ýakymly umumylyklar birleşdirýär.
Milli bahar baýramyna bagyşlanan bu wagtlaýyn sergi öz işini 22-nji marta çenli dowam eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply