Türkmenabatda Milli bahar baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi
Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdança Milli bahar baýramy mynasybetli bezemen keşbe girdi. Bu ýerde Halkara Nowruz güni mynasybetli welaýatymyz boýunça esasy dabaralar ýaýbaňlandyryldy.
Welaýatyň meşhur sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary köňüllere şatlyk nuruny çaýdy. Wäşiler degişme sahna oýunlary bilen tomaşaçylaryň göwnüni awladylar.
Tans we folklor toparlarynyň şowhunly çykyşlarynda bolsa kökleri asyrlara uzap gidýän däp-dessurlarymyz, urp-adatlarymyz, bahar gözellikleri öz beýanyny tapdy. Ýaş oglan-gyzlar milli
oýunlarymyzy oýnadylar, hiňňildikde uçdular.
Baýramçylyk dabarasynyň geçýän ýerinde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, çeper el işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Şonuň ýaly-da bereketli türkmen topragynda bitýän gök we bakja önümleriniň, miweleriň sergisi guraldy.
Milli bahar baýramyna bagyşlanan toý-dabaralar Türkmenabat şäheriniň beýleki medeni ojaklarynda, seýilgählerde hem uly şatlyk-şagalaň bilen dowam etdi.